7-nji iýunda Türkmenistanda bugdaý oragy başlanar

31-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hem hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanyna bugdaý oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, galla oragyna köpçülikleýin girişmek we möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin guramaçylyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda oba hojalyk pudagynyň giň gerimde ösdürilýändigini nygtady hem-de ýerden bol hasyl almak üçin daýhanlara zerur şertleriň döredilýändigine, olaryň ýokary hilli tohum, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, suw bilen doly üpjün edilýändigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl hem welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, ýurduň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.