«Tesla» howpsuzlyk kemerindäki näsazlyklar sebäpli 125 müňden gowrak elektrik ulagyny yzyna alar

Dürli modellerdäki we dürli ýyllarda öndürilen 125 müňden gowrak «Tesla» elektrik ulagy howpsuzlyk kemeriniň duýduryş ulgamynyň näsazlygy sebäpli yzyna çagyrylýar diýip, «auto.ru» ýazýar. Çeşme bu habarda ABŞ-nyň Milli awtoulag ýollarynyň hereket howpsuzlygy dolandyryş gullugyna (NHTSA) salgylanýar.

Mesele käbir ýagdaýlarda oturgyçda adamyň bardygyny anyklaýan datçikleriň dogry işlemezligidir. Şol sebäpli ulgam sazlaşykly işlemeýär we kemeri ildirmegiň zerurdygyny duýdurýan sesi bermeýär.

Yza çagyryş «Teslanyň» «Model S» (2012 ― 2024), «Model X» (2016 ― 2024), «Model 3» (2017 ― 2023) we «Model Y» (2020 ― 2023) kysymly ulaglaryna degişlidir.

Meseläni çözmek üçin «Tesla» elektrik ulaglarynyň programma üpjünçiligini täzelemegi meýilleşdirýär. Bu ulgamyň barlygy datçiginiň okalmagyna garamazdan, elektrik ulagy işe girizilenden soň açylmadyk howpsuzlyk kemerleri barada habar bermäge mümkinçilik berer.