Hytaýda 2380 sany «Mersedes-Benz» kysymly elektrikli ulag elektrik togunyň ýitmegi bilen bagly töwekgelçilik sebäpli yzyna çagyrylýar

«Mersedes-Benz» kompaniýasy 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Hytaýda satylan 2380 sany EQ elektrikli ulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi diýip, «auto.ru» ýazaýr.

Yza çagyryş 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 2024-nji ýylyň 25-nji apreline çenli bilelikdäki Beijing Benz kärhanasy tarapyndan Pekinde öndürilen 2334 «Mersedes-Benz EQE» ulagyna we 2023-nji ýylyň 28-nji noýabryndan 2024-nji ýylyň 7-nji fewraly aralygynda öndürilen 39 sany «EQS» ulagyna degişlidir.

Mesele käbir tabşyryklary ýalňyş ýerine ýetirýän batareýany dolandyryş ulgamyndaky näsazlyk bilen baglydyr. Bu näsazlyk ulagyň hereket halynda batareýanyň işlemezligine we elektrik energiýasynyň duýdansyz ýitmegine sebäp bolup biler.

«Mersedes-Benz» yzyna çagyrylan ulaglaryň hemmesinde programma üpjünçiligini mugt täzelär.