Nusgawy «Ford Escort Mk1» we «RS200» gaýtadan dogulýar

Batyrgaý ýaryşlarda bilen millionlarça adamyň ýüregini gazanan meşhur “Ford Escort Mk1” we “RS200” sport awtoulaglary ýollara gaýdyp gelýär.

Emma olary janlandyrjak “Ford”-yň özi däl-de, «Boreham Motorworks» atly iňlis kompaniýasy diýip, «auto.ru» ýazýar.

Elektrikli awtoulaglara geçmegiň häzirki tendensiýasyndan tapawutlylykda bu awtoulaglar benzin dwigatellerine wepaly bolup galar. Olary döretmek işi LED optika ýaly häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, asyl çyzgylara laýyklykda amala aşyrylar.

Täze «Escort Mk1» we «RS200» nusgawy we «analog» ulaglaryň gadyryny bilýänler üçin gymmatly sowgat bolar. Çünki olar üçin awtoulagyň ruhy we taryhy has möhümdir.

Täze önümleriň bahalary entek aýan edilmedi, ýöne «Boreham Motorworks» ilkinji ýüztutmalary kabul edip başlady. Ulagyň öndürilip başlanjak we eýelerine gowşuryljak wagty biraz soňrak mälim ediler.