ABŞ-da elektrikli ulaglara zarýad bermek üçin innowasion ýapynja hödürlendi

Amerikanyň  «GoSun» kompaniýasy elektrikli ulaglaryň eýeleri üçin «EV Solar Charger» atly ýapynjany döretdi. Bu çeýe Gün paneli ulgamy, şol bir wagtyň özünde, batareýa zarýad bermek bilen, içini aşa gyzmakdan goraýar. Täze önüm öňünden sargyt etmek üçin elýeterli diýip, «Auto.ru» habar berýär.

Paneller ykjam gutuda ýerleşdirilendir. Olar elektrikli ulagyň üçegine oturdylýar. Ýapynja açylan ýagdaýynda Gün energiýasyny ýygnamak meýdanyny alty esse köpeldýärler we günde 50 km zarýad berýär.

«EV Solar Charger» zarýad berijisi gönüden-göni zarýad beriş portuna dakylýar we güýçli şemallara çydap bilýär. Onuň satuwynyň 2025-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar.

Kompaniýa enjamy ABŞ-da we Hytaýda patentlemegi meýilleşdirýär: arzalar eýýäm bu ýurtlaryň degişli bölümlerine tabşyryldy we häzirki wagtda garalýar.