Açarsyz giriş we hereketlendirijiniň başlangyjy indi Mazdada tölenýär

«Mazda» kompaniýasy awtoulaglaryndaky käbir amatly aýratynlyklar üçin pul almak kararyna geldi. Indi bu kompaniýanyň öndüren ulaglarynyň eýeleri ulagyny uzak aralykdan açarsyz işletmek we dolandyrmak üçin her aýda 10 dollar tölemeli bolarlar. «Ferra.ru»-nyň habar bermegine görä, bu hyzmatlar ilkinji üç ýylda mugt hödürlenilýärdi.

Kompaniýa bu karara gelmek bilen, müşderilerine has peýdaly funksiýalary hödürlemek isleýändigini aýtdy. Uzak aralykdan dolandyryşdan başga-da, hyzmat bukjasy ulagyň ýagdaýyna, ýangyç derejesine gözegçilik etmek we heläkçilik bolan ýagdaýynda awtomatiki kömek soramak ukybyny öz içine alýar.

«Mazda» bu ädimi äden ilkinji kompaniýa däldir. Şeýle tölegli hyzmatlary mundan ozal BMW, «Toyota» we «Mersedes» ýaly beýleki köp awtoulag öndürijileri eýýäm ýola goýupdylar.