«Audi» ilkinji logotipsiz ulagyny hödürlemäge taýýarlanýar

Germaniýanyň «Audi» awtokompaniýasy dünýäniň ägirt awtoulag bazaryndaky strategiýasyny düýpgöter üýtgetmäge taýynlanýar. Hytaýly hyzmatdaş SAIC bilen bilelikde döredilen täze elektrikli ulaglary meşhur dört halkadan düýbünden ýüz öwürer. «Runews24.ru»-nyň habar bermegine görä, bu çözgüt «Audi»-niň Hytaý bazarynyň aýratynlyklaryna uýgunlaşmak we markanyň täze, has ýaş keşbini döretmek islegi bilen baglanyşykly.

Gyrmyzy reňkli täze tapgyryň ilkinji nusgalary şu ýylyň noýabr aýynda hödürlener.

«Audi» 2030-njy ýyla çenli SAIC bilen bilelikdäki platformada işlenip düzülen dokuz sany elektrikli modelini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.