Aşgabat Türkmenistan ― Azerbaýjan ― Türkiýe sammitine taýýarlyk görýär

Aşgabat Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki sammitini geçirmäge taýýarlanýar. Foruma taýýarlyk görmegiň çäginde üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň arasynda duşuşyklar geçirilýär. Bu barada türkmen metbugaty Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdanlaryna salgylanyp habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen geçiren gepleşiklerinde üçtaraplaýyn sammiti geçirmek barada ylalaşyk gazanylandygyny, Türkmenistanyň bu sammiti ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görmegiň çäginde ýokary derejeli ýygnakda gol çekilmeli resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar.

Öňräk türkmen metbugatynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistan bilen ýangyç we energetika baradaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi isleýändigi habar berildi. Bu taslama Azerbaýjan hem gatnaşar.