Ermenistan türkmen portunyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory A.Aleksanýan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ulag-logistika infrastrukturasy we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň üsti bilen ermeni ýüklerini daşamagyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri baradaky meseleler gozgalyp, göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça özara pikir alşyldy.

Ilçi M.Aýazow häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde, şeýle hem bütin dünýäde ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek we bu ugurda birnäçe halkara maslahatlaryny geçirmek bilen bagly başlangyçlar bilen çykyş edýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty söhbetdeşlerine ýaňy-ýakynda Türkmenistanda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» halkara maslahatynyň we sergisiniň geçirilendigini belläp geçdi. Şeýle hem ol bu abraýly ulag forumynyň dowamynda ulag-logistika infrastrukturasynyň halkara söwdasyny ösdürmekde we ýeňilleşdirmekdäki orny, halkara ulag-üstüşyr geçelgelerini işjeňleşdirmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşylandygyny habar berdi.