Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza Gutlag iberdi. Milletiň Lideriniň bu Gutlagy 20-nji martda «Watan» habarlar gepleşiginde okaldy.
Şu gün, 19-njy martda Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul edip, wezipä girişdi. Şu mynasybetli Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde geçirilen dabara Hökümet agzalary, Howpsuzlyk geňeşiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar we žurnalistler gatnaşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň adyna dünýä döwletleriniň Prezidentlerinden, premýer-ministrlerinden we iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan Gutlag hatlary gelýär.
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu barada şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar habar berdi.
Milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçirilen saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisine salgylanyp habar berdi.
Şu gün Türkmenistanda irden sagat 7:00-den başlap, möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlanyp, ýurduň çägindäki ähli saýlaw uçastoklary saýlawçylary kabul edip başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň 8-nji martynda uludan bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýurduň gelin-gyzlaryna gutlag hatyny iberdi.