Türkmen ralliçileri Russiýanyň çempionatynda üstünlik gazandylar

Türkmenistanly doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýew «Ýüpek ýoly ― 2024» ralli-reýdiniň çäklerinde geçirilen Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orna mynasyp boldular. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýty habar berýär.

5 ― 8-nji iýul aralygynda geçirilen çempionatda türkmenistanly sürüjiler T2 ýaryşynda, has takygy, ýolsuz ýerlerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Doganlar Toýlyýewler Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasyna we «Türkmenawtoulaglary» agentligine wekilçilik edýärler. Olaryň sport ulagyny Merdan Toýlyýew dolandyrýar, Şöhrat Toýlyýew bolsa onuň şturmanydyr.

Çempionatda birinji orna russiýaly Andreý Suşenkow bilen Aleksandr Şanowdan ybarat topar mynasyp boldy. Olaryň watandaşlary Anton Melnikow bilen Anton Nikolaýew bolsa pellehana ikinji bolup geldi.

«Ýüpek ýoly ― 2024» halkara ralli-reýdiniň 15-nji iýulda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.