«Xiaomi» «Kunlun» atly maşgala gibrid krossowerini öndürmegi meýilleşdirýär

Hytaýyň elektronika ägirdi «Xiaomi» kompaniýasy üçünji ulagy bolan «Kunlun» barada maglumat berdi. Kompanniýa täze önümçilik arkaly elektrik ulaglarynyň liniýasyny giňeltmäge taýynlanýar diýip, auto.ru habar berýär.

Ilkinji iki modelden ― «SU7» sedanyndan we «Lemangdan» tapawutlylykda «Kunlun» gibrid krossower bolar. Onuň «Xiaomi»-niň iň amatly awtoulagy hökmünde 2026-njy ýylda ilkinji gezek görkezilmegine garaşylýar.

Çeşmelere görä, «Kunlun» elektrikli hereketlendiriji bilen bir hatarda «aralyk giňeldiji»hökmünde hereket edýän benzin hereketlendirijisi blen hem üpjün ediler. Bu taslama tötänleýin saýlanmady, sebäbi Hytaýda gibrid awtoulaglaryň meşhurlygy ýokarlanýar.

«Kunlun»-y mümkin boldugyça elýeterli etmek maksady bilen, «Xiaomi» dizaýnyň käbir böleklerinde arzan komponentleri ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu tygşytlylygyň howpsuzlyga täsir edýän elementlere täsir etmejekdigi aýratyn nygtalýar.