Awtomobil mekdepleriniň birleşigi, elektron okuw gollanmalary taýýarlamak işini kämilleşdirmek we okuw prosesine ornaşdyrmak maksady bilen üç ölçegli animasiýa täsirli wideokontentli, elektron okuw-usuly gollanmanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Dowamyny oka“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android we iOS operasion ulgamlaryna ýükläp almak üçin elýeterdir.
Dowamyny okaAşgabatda taksi sargyt etmegiň täze hyzmaty bolan «Onlaýn taksi» ykjam goşundysy işe girizildi. Bu hyzmaty «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýola goýdy.
Dowamyny okaTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Dowamyny okaTürkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady. Gutlagda şeýle setirler bar:
Dowamyny okaTäjigistanyň Wekiller palatasy duşenbe güni Türkmenistan bilen demirýol ulagy pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany tassyklady. Bu barada Täjigistanyň mejlisiniň resmi web saýty habar berdi.
Dowamyny okaTürkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.
Dowamyny okaTürkmen raýatlarynyň jemgyýetçilik ulaglarynda ýokanç kesellerden nähili ýagdaýda goranyp biljekdigi barada maslahatlar berilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde beýan edilýär.
Dowamyny okaDemir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara üstaşyr demir ýol nyrhlary hem-de Ýeke-täk üstaşyr nyrhlary boýunça halkara şertnamalaryna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça geçirilýän işler barada 14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Dowamyny oka