«Hitachi» dünýädäki iň uly elektrikli ulagy synagdan geçirýär

Ýaponiýanyň «Hitachi» kompaniýasy täze elektrikli trolleýbus awtoulagynyň meýdan synagynyň başlandygyny habar berdi. Synag Zambiýanyň Kansanşi altyn we mis käninde geçiriler. Synaglaryň maksady, ulagyň özüniň, kömekçi ulgamlaryň esasy aýratynlyklaryna, şeýle hem magdan çykaryş döwründe zyňyndylary azaltmaga edýän täsirine baha bermek bolar diýip, «techcult.ru» habar berýär.

Elektrikli awtoulag ýöriteleşdirilen «Hitachi EH4000 AC-3» awtoulagyna esaslanýar. Diametri 74 sm bolan tigirler bilen üpjün edilen 14 metrlik ägirt ulag 221 tonna çenli ýük daşamaga ukyply. Ulagda 2500 at güýjüne barabar bolan «Cummins» hereketlendirijisi ulanylýar.

Ulag 2600 V. naprýaženiýeli ýokary zarýad beriş ulgamlary ulgamy sebäpli gaýta-gaýta zarýadlandyrmasyz işlär. Bu täzeçil çözgüt has ykjam batareýany ulanmaga mümkinçilik berer.

Kompaniýa tarapyndan guralan zarýad beriş ulgamy zarýad liniýalary şol bir wagtyň özünde bu zibil awtoulaglarynyň birnäçesine hyzmat etmek üçin niýetlenendir. «Kwantyň» birinji menejeri Jon Gregoriniň pikirine görä, bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy çykdajylary ep-esli azaldar. Şeýle hem magdan gazmagy ekologiýa taýdan arassa eder. Täze ulagyň synaglarynyň 2025-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.