Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, portuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hödürlenilýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, özara söwdany ösdürmek, üstaşyr gatnawlary artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýäniň möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýändigine ünsi çekdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi