Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler

Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

«Hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, ýük daşamagyň wagtyny azaltmak we bu ulag geçelgesinde (Demirgazyk — Günorta) has döwrebap hyzmatlary ýola goýmak üçin Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň demirýol administrasiýalary bilelikdäki söwda bileleşigini döretmegi meýilleşdirýärler» diýip, Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Maksat Kaliakparow aýtdy.

Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň mukdary 2,1 million tonna barabar boldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 4% köpdür. 2027-nji ýyla çenli geçelgäniň ýük geçirijilik mümkinçiliginiň ýylda 6 milliondan 10 million tonna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.