Türkmenistan bilen Hytaýyň deňiz hereketlendirijilerini öndürijisi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri bilen «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasynyň Gazagystandaky direktory we söwda işleri boýunça dolandyryjysynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

26-njy fewralda bolan duşuşykda taraplar «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «S.Nyýazow» gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, gury ýük daşaýan gämisi üçin zerur bolup durýan baş hereketlendirijisiniň we dizel-generatorlarynyň tehniki häsiýetnamasy, çyzgylary baradaky maglumatlar taraplaryň arasynda paýlaşyldy.

Şeýle hem zawodyň wekilleri tarapyndan agzalan gämi üçin satyn alynjak enjamlaryň halkara klassifikasion jemgyýetleriň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýa tarapyndan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan berilen teklipler serediljekdigini bellenildi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyna ynam bildirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň «Weichai Holding Co.Ltd» kompaniýasy 1946-njy ýylda döredilip, bu kompaniýa dünýäde awtoulaglar, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalar, deňiz gämileri (esasan hem dizel hereketlendirijisini we hereketlendirijiniň geçirijisi), şeýle hem, awtobuslar, ýük we ýeňil awtoulaglar, ýükleýji tehniklar, ammar ulgamlar, lyuks ýahtalar, energetika üçin enjamlar, gidrawliki nasoslar we ýangyç öýjükler üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň taslamasyny düzmekde we gurup bermekde öňdäki orunlary eýeleýär.

 Çeşme: «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi