«Bugattiniň» giperkary Formula 1-den hem gowy bolar

2020-nji ýylda hödürlenen «Bugatti Bolide» taslamasy hakykata öwrüldi. Täze ulagy synagdan geçiren sürüji Endi Uolles täze ulagyň ilkinji eýeleriniň ýakyn wagtda «Formula 1» awtoulagyndan hem kämil ulaga eýe bolup biljekdiklerini mälim etdi.

Ilkibaşda Bolide köpçülikleýin önümçilik üçin aşa aşa görünýärdi, ýöne Bugatti batyrgaý ädim ätmek kararyna geldi. Bu düşünje, asyl ideýanyň ruhuny saklamak bilen ýaryş awtoulagyna gaýtadan işlenildi.

«Bolidiň» ýüregi 1578 at güýjüne eýe bolan 8.0 litrlik W16 hereketlendirijisidir. Şunça güýjüne garamazdan, giperkaryň agramy bary-ýogy 1450 kilograma ýetýär Bu bolsa ulagyň sagatda 380 kilometr rizlige çenli çykmagyna mümkinçilik berýär. Onuň tizligi tejribeli uçarmanlary hem geň galdyryp biler.

«Bugatti» diňe bir ýokary tizlige däl, eýsem, ajaýyp iş tertibine hem eýedir. «Bolide» kompaniýanyň taryhynda iň güýçli duruzyjysy bolan ulagdyr diýip, «runews24.ru» habar berdi.