«Formula 1»-iň janköýerleri Ferrari muzeýinde bir gijäni geçirmäge mümkinçilik alarlar

«Ferrari» kompaniýasy «Formula 1»-iň sadyk janköýerleri üçin ýatdan çykmajak dabara taýýarlady. Kompaniýa tarapyndan yglan edilen bijeli utuşyň ýeňijisi «Ferrariniň» Maranello şäherinde ýerleşýän zawodynyň muzeýinde  bir gijäni geçirip biler diýip, «Auto.ru» ýazýar.

Ady rowaýata öwrülen awtoulaglar we kuboklar bilen gurşalan muzeý ajaýyp gijäniň diňe bir bölegi bolar.

Dabaranyň maksatnamasy şeýle tertipde işlenip taýýarlanyldy:

Maý aýynyň ortalarynda geçiriljek Emilia Romagýa Gran prisine VIP biletler;

Enzo Ferrariniň söýgüli ýeri bolan Kawallino restoranynda agşamlyk nahary;

«Ferrari» muzeýine gezelenç;

«Formula 1»-iň öňki sürüjisi Mark Genetiň ýolbaşçylygynda «Ferrari 296 GTB» ulagynda Fiorano trassasynda synag sürüşi.