Täze «Bugattiniň» bir metr uzynlygyndaky hereketlendirijisi bolar

«Bugattiniň» täze öndürjek giperkarynyň hereketlendirijisiniň uzynlygy 1 metre ýeter. Şeýlelikde, ol öňki iň uly hereketlendirijä eýe «Chiron» modelinden hem 400 millimetr köp bolar.

«Autocar»-yň berýän habaryna görä, muny «Bugatti» we «Rimac» bileleşiginiň ýolbaşçysy Mate Rimas mälim etdi. Täze önümiň indiki aýda görkezilmegine garaşylýar.

Şeýle düýpli üýtgeşmä garamazdan, «Bugattiniň» modelleri görnüş taýdan ozalky durkuny ýitirmez.