ADAC hytaýly awtoulag öndürijileriniň tehniki taýdan ösüşine baha berdi

Awtoulag sürüjileriniň ADAC jemgyýetçilik guramasy 13 hytaý awtoulagynda hlekçilik synaglaryny geçirdi. Olardan 11-si «Euroewro NCAP» ülňülerine laýyklykda 5 ýyldyzyň iň ýokary derejesini aldy. Şeýlelik bilen, bu ulaglar ýewropada öndürilen ulaglardan öňe geçdi.

Guramanyň tehniki prezidenti Karsten Şulz synagdan soň Hytaýyň awtoulag pudagynyň gazananlaryna haýran galyp: «Häzirki zaman hytaý modellerini satyn almagy geçmişiň maslahat berilmedik arzan görnüşleri bilen deňeşdirip bolmaz» diýdi. Olar hytaý ulaglaryndaky howpsuzlyk, döwrebap dizaýn, ýokary hilli serişdeler we oýlanyşykly içerki bezeg ýaly möhüm öňegidişlikleri aýratyn belläp geçdi.

Şeýle-de bolsa, hemme zat has gowy däl. Şulz hytaý ulaglaryndaky awtosürüji, multimediýa ulgamy, howa çalşygy, kondisioner we elektron kömekçiler ýaly käbir kemçilikleri görkezdi.

ADAC häzirlikçe beýleki kompaniýalary bazardan çykaryp, hytaý awtoulaglaryny satyn almagy maslahat bermeýär. Şeýle-de bolsa, bu gurama hytaý awtoulag öndürijileriniň Ýewropa markalary üçin çynlakaý bäsdeş bolup biljek howpsuz we ýokary hilli awtoulaglary döretmek ukybyny subut edendigini ykrar edýär diýip, «Runews24.ru» ýazýar.