«Xpeng» uçýan awtoulagyň goýberiljek senesini mälim etdi

Hytaýyň «Xpeng» korporasiýasy ilkinji uçýan awtoulagynyň bazara çykaryljak wagtyny resmi taýdan yglan etdi.

Ulagy şu ýyl sargyt edip bolar, ilkinji ulaglar müşderilere 2026-njy ýyldan eltilip berler.

Uçýan elektrik awtoulaglarynyň bahasy entek aýan däl.

«Xpeng» kysymly uçýan ulaglary ilkinji tapgyrda diňe şäheriň daşynda ulanyp boljakdygyny dykgatyňyza ýetirýäris. 

Geljekde bolsa ýerli häkimiýet edaralaryndan degişli rugsatnamalary alyp, uçýan elektrik awtoulaglaryny şäher gurşawynda hem ulanmak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de bolsa, munuň üçin sürüjiler ýörite ygtyýarnamany almaly bolarlar. Bu barada «Mail.ru» CNBC agentligine salgylanyp habar berýär.