«Vespa» atly 45 ýaşly skuter Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

1979-njy ýylda öndürilen «Vespa» skuteri 50 kub metrlik hereketlendirijisi bilen 24 sagadyň dowamynda iň uzak aralyga gidip bilmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

1979-njy ýylda öndürilen “Vespa 50 Special” bir gije-gündizde 1,233.07 kilometr aralygy geçip, has haýran galdyrdy. Täsin tarapy ozalky rekord 305 kilometre deňdi. Bu rekordy 2005-nji ýylda awstraliýaly Mark Braun goýupdy.

Bu täsin rekordda «Vespany» ony mundan 45 ýyl ozal hem ― 20 ýaşynda dolandyryp, 941 kilometr ýol geçen we dünýäniň resmi bolmadyk rekordyny goýan žurnalist Walerio Boni dolandyrdy. 

Ol 45 ýyldan soň ýene-de şol bir skuteri dolandyrdy. Ýöne köne skuter 2015-nji ýylda doly dikeldilipdi.

Walerio 24 sagatlap diýen ýaly durmady, diňe skuteri arassalamak üçin gysga arakesme berdi. Şeýle hem sagatda 60 kilometr tizlik bilen hereket eden ulaga rekordçynyň dostlarynyň kömegi bilen ýangyç guýuldy ― diýip, «Rambler.ru» ýazýar.