«Voyah Free» krossoweriniň täze modifikasiýasy hödürlendi

Hytaýyň premium markasy bolan «Voyah» 318 indeks bilen «Free» krossoweriniň täze modifikasiýasyny hödürledi. Täze ulagyň esasy aýratynlygy onuň 318 kilometre uzaýan rekord derejedäki elektrikli menzilidir.

«Voyah Free 318» daşyndan seredeniňde, krossoweriň beýleki görnüşlerinden düýpgöter tapawutlanmaýar. Esasy üýtgeşmeler elektrik stansiýasy bilen  baglydyr. Şeýle hem ulagyň motorynyň güýji artdy. Onda öňdäki elektrik hereketlendirijisini görmezligimiz hem mümkin.

Esasy aýratynlyk bolsa batareýanyň kuwwaty ýokarlandy, bu bolsa elektrik ulagyň hereket aralygyny ep-esli ýokarlandyrdy.

Şeýlelikde, «Voyah Free 318»-iň bir zarýadlandyrmada geçip biljek umumy aralygy 1458 kilometre ýetdi. Ol bazardaky iň uzak aralyga gidip bilýän gibrid krossowerleriň birine öwürdi.

«Voyah Free 318» -iň satuwy 30-njy maýda Hytaýda başlar. Täze önümiň bahasy we beýleki ýurtlarda elýeterliligi barada entek resmi maglumat ýok diýip, «Auto.ru» ýazýar.