“Mersedes-Benz” 2025-nji ýylda täzelenjek «S-Class» bilen tanyşdyrdy

«Mersedes-Benz» awtokonserni  2025-nji ýylda «S-Class» sedanynyň täzelenen görnüşini ilkinji gezek çykarmaga taýýarlanýar. SPEEDME.RU-nyň habar bermegine görä, awtoulagyň täzeçe yşyklary bilen has özüneçekiji dizaýna eýe bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem üç ekranly panelde birleşýän «MBUX Superscreen» innowasiýa ulgamy bolar.

Mundan başga-da, S-Class 2025 modeli sürüjilere sagatda 130 kilometr tizlikdäki awtosürüji hyzmatyny hem hödürlär.

Ulagyň kapotynyň aşagynda netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin optimallaşdyrylan benzin, dizel we gibrid hereketlendirijiler bolar.

Täzelenen “S-Class” ilkinji gezek 2025-nji ýylyň baharynda öndürilip başlanar. Satuwa bolsa 2026-njy ýylyň modeli hökmünde çykarylar.