Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam hökmünde hasaba alyndy

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko orbital uçuşlarda geçiren umumy wagty boýunça kosmonawtlaryň taryhynda täze rekord goýdy: ol kosmosda 1000 gün boldy. Bu barada TASS ýazýar.

Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde bolup, bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Bu uçuş 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tamamlanmaly. Şol wagta çenli onuň açyk älemde bolan döwri 1110 gije-gündize deň bolar.

Russiýanyň kosmos gullugy «Roskosmosyň» kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko russiýaly Nikolaý Çub we NASA-nyň kosmonawty Loral O'Hara bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Halkara kosmos stansiýasyndaky nobatdaky işine başlady.

Oleg Kononenko 2024-nji ýylyň 5-nji fewralynda kosmosda geçiren günleriniň sanyny jemi 879 güne ýetirdi we russiýaly Gennadi Padalkiniň bu ugurdaky ozalky rekordyny (878 gün) täzeledi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doguldy. 1988-nji ýylda Harkowyň Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyny tamamlady. 1996 — 1998-nji ýyllarda Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezinde türgenleşik geçdi. Ol ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylyň aprelinde Halkara kosmos bekediniň esasy toparynyň düzüminde amala aşyrdy.

Oleg Kononenko Türkmenistanda orta mekdebi gutardy we türkmen dilinde erkin gürläp bilýär.