Hytaýyň «Mona M03» elektrikli sedany dünýäniň iň aerodinamiki ulagy diýlip yglan edildi

Hytaýyň «Xpeng» awtoulag kompaniýasy «Mona M03» kysymly elektrikli sedanyny hödürledi. Süýşmek koeffisiýenti bary-ýogy 0.194-e deň bolan täze ulag bu babatda beýleki sedanlaryň içinde iň ýokary görkezijä eýedir diýip, «Auto.ru» ýazýar.

«Xpeng»-iň inženerleriniň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde kemala gelen «Mona M03» diňe bir howada hereket etmek bilen çäklenmän, edil ýyldyrym ýaly süýnýär. Onuň hereket ediş aralygy diňe bir 60 kilometr artman, eýsem, her 100 kilometrde elektrik energiýasyny öňküsinden 15 göterim az harç edýär.

Munuň syry diňe bir ulagyň daşky gurluşynda däl, eýsem, işjeň aerodinamiki elementlerde hem mahsuslygyndadyr.

Täze ulag şu ýylyň üçünji çärýeginden satylyp başlanar. Onuň bahasynyň, takmynan, 150 müň ýuan bolmagyna garaşylýar.