«Bugatti Tourbillon» sagatda 445 km tizlige ýetmek ukybyna eýe

«Bugatti» kompaniýasy meşhur «Chiron»-yň mirasdüşeri boljak «Tourbillon» atly täze giperkary çykardy. Bu barada «Championat.com» habar berýär.

«Tourbillon» düýbünden täze platformada gurnalyp, ol markanyň taryhynda gibrid güýji bilen üpjün edilen ilkinji ulagdyr.

Ulagyň elektrik kuwwaty 8,3 litrlik V16 hereketlendirijisine esaslanýar we üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen doldurylýar, olaryň ikisi öň okda ýerleşýär. Içki ýangyç hereketlendirijisi 1000 at güýjüne deň bolan ulagyň umumy güýji 1800 at güýjüne ýetýär.

«Bugatti Tourbillon» sagatda 100 kilometr tizlige 2, sagatda 200 kilometr tizlige bolsa 5 sekuntda ýetip bilýär. Bu giperkaryň iň ýokary tizligi sagatda 445 kilometrdir.

«Bugatti Tourbillon» çäkli mukdarda öndüriler. Ýagny Ýer ýüzünde onuň bary-ýogy 250 sanysy bolar. Olaryň biriniň bahasy azyndan 3,8 million ýewro bolar. Awtoulaglary müşderilere eltip bermek işleri 2026-njy ýylda başlar.