«Great Wall Poer» pikaplarynyň 600 müň sanysy öndürildi

«Great Wall Motor» kompaniýasynyň «Jingmen Smart Factory» önümçilik kärhanasy «Poer» ýa-da «Pao» diýlip hem tanalýan, «Great Wall Cannon» diýlen at bilen hem meşhurlyk gazanan pikaplaryň 600 müň sanysyny öndürdi. Munuň özi Hytaý Halk Respublikasynyň rekordydyr. Ýurtda şunça ulagy öndürmek üçin bary-ýogy 4 ýyl 10 aý ýeterlik boldy diýip, «runews24.ru» ýazýar.

«Great Wall Cannon» tapgyry «Cannon», «King Kong Cannon» we «Shanhai Cannon» kysymlaryny öz içine alýar. Olaryň arasynda iň naýbaşysy «Shanhai Cannondyr». «3.0T+9AT» hereketlendirijisi bilen üpjün edilen pikapyň bahasy 279 müň 800 ýuana ýetýär.

GWM-iň 6 milliard ýuanlyk maýagoýum bilen guran «Jingmen» kärhanasy 2022-nji ýylda önümçilige başlady. Bu ýerde diňe bir pikaplar däl, eýsem, «Great Wall» ýeňil ulaglary hem öndürilýär.