Mary welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Mary welaýatynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 170 müň gektar ýere saýlama görnüşli tohumlardan ekilen bugdaýdan 345 müň tonnadan gowrak hasyly döwlete tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri şu günler hem dowam edýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, mundan öň Türkmenistanyň Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle-de Balkan welaýatynyň gallaçylary 80 müň, Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa 270 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny döwlete tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurtda ilkinjiler bolup üstünlikli berjaý etdiler.

Türkmenistanda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar.