Aşgabatda № 72 "Awtokombinat - Awtomenzil" täze awtobus ugry işe girizildi

14-nji iýulda Aşgabatda № 72 "Awtokombinat - Awtomenzil" täze awtobus ugry işe başlady. Bu ugur Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň buýrugy boýunça Aşgabadyň "Türkmenawtoulaglary" ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Bu barada awtoulag.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen.

Ugruň ýoly: Awtokombinatdan Gündogar köçesi bilen, Gurbansoltan - eje şaýolundan, Arçabil aýlaw ýolundan geçip, "Ak Tam" we "Altyn Asyr" bazarlarynyň ýany bilen, A.Nyýazow şaýolunyň ugrundaky Halkara awtowokzalyna çenli dowam edýär.

Täze ugruň işe girizilmegi Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ulag elýeterliligini gowulandyrmaga, şäherde has amatly we netijeli hereket etmäge mümkinçilik bermäge gönükdirilendir.