«Xiaomi SU7»-niň «Ultra» nusgasy öndürilýär
2024-nji ýylyň martynda «Xiaomi» kompaniýasy «Porsche Taycan» tarapyndan ylhamlanan dinamiki dizaýny bilen ilkinji «SU7» sedanyny hödürläp, elektrikli ulag bazaryny sarsdyrdy. «Kolesa.ru»-nyň berýän habaryna görä, bu ulaga ilkinji ýarym sagatda 50 müňden gowrak sargyt berildi, ýöne iýun aýynyň ahyryna çenli kompaniýa bary-ýogy 30 müň awtoulagy eýelerine gowşuryp bildi.
19-njy iýulda dürli täze önümleriň hödürlenen «Xiaomi»-niň şüweleňli tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Lei Jun elektrikli sedanyň ― «Xiaomi SU7 Ultra»-nyň uly özgerişliklere eýe bolandygyny aýtdy.
Rekordlary täzelemek üçin iň arassa awtoulag hökmünde hödürlenen prototip köpçülikleýin önümçilige çykarylmaz. Şeýle-de bolsa, ol 2025-nji ýylda önümçilige goýberiljek «SU7 Ultra» nusgasynyň esasyny düzer. Täze nusgasynyň önümçilik modeliniň has az agressiw aerodinamiki beden toplumyny we, ähtimal, has sada öndürijiligini almagyna garaşylýar.
Ajaýyp «Xiaomi SU7 Ultra»-nyň aýratynlyklary hem özüneçekiji:
Iki sany «HyperEngine V8s» elektrikli hereketlendirijisinden (hersi 578 at güýji) we bir sany «HyperEngine V6» (392 at güýji) hereketlendirijisinden ybarat bolan üç hereketlendirijili elektrik stansiýasy.
Jemi kuwwaty ― 1548 at güýji.
Tizlenme 0-100 km / sag ― 1,97 sekuntda.
Tizlenme 0-200 km / sag ― 5.96 sekuntda.
Iň ýokary tizlik sagatda 350 km-den gowrakdyr.
«SU7 Ultra»-nyň bu aýratynlyklara doly eýe bolup-bolmajakdygyny görmek üçin 2025-nji ýyla garaşmaly bolarys.