Türkmenistanyň wekili BGG-niň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyny üstünlikli tamamlady

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow Bütindünýä Gümrük guramasynyň (BGG) we Ýaponiýanyň 2023-2024-nji ýyllar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyny üstünlikli tamamlady.

Türkmenistanyň wekili bu maksatnama ilkinji gezek gatnaşýar diýip, gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

2023-2024-nji ýyllar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasynyň çäginde K.Ahmedow Bütindünýä Gümrük guramasynyň Sekretariatynyň mümkinçilikleri ösdürmek bölüminde işläp, gümrük işi boýunça ylmy barlag işini ýerine ýetirdi we onuň netijesini guramanyň ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Maksatnama tamamlanmagy mynasybetli guramanyň Sekretariatynda dabaraly çäre geçirilip, onda guramanyň Baş sekretary Ýan Sonders Maksatnamany üstünlikli tamamlan 10 sany dalaşgäre güwänamalary gowşurdy.

Hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyna Bütindünýä Gümrük guramasy tarapyndan 2009-njy ýylda badalga berildi. Bu maksatnama Ýaponiýanyň Gümrük gullugy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Onuň çäginde ýylda 10 sany dalaşgär Bütindünýä Gümrük guramasynyň Sekretariatynda işlemäge hem-de gümrük işi babatda bilimini artdyrmaga we bu ugurda halkara tejribäni gazanmaga mümkinçilik alýar.