Türkmenistanda Ulýanowsk azyk harytlarynyň dilerlik merkezi dörediler

27-28 iýulda Ulýanowskda (RF) geçirilen IIBF-2024 Halkara Yslam işewürlik forumynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy.

Hususan-da, Ulýanowsk oblastynyň gubernatorynyň we hökümetiniň web-saýtynda habar berilişi ýaly, Türkmenistanda Ulýanowsk harytlarynyň, ýagny azyk önümleriniň dilerlik merkezini döretmek barada "Şaýlan" kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşyldy.

Bu barada şu ýylyň iýun aýynda Aşgabada gelen işewürler wekiliýetiniň saparynyň dowamynda ylalaşyldy. "Şaýlan" kompaniýasynyň 6 müňden gowrak müşderi-dükany bolup, onuň söwda möçberi aýda 1,5 müň tonnadan gowrak azyk önümlerini öz içine alýar.

"Şu gün türkmen hyzmatdaşlarynyň Ulýanowskda öndürilen konditer önümlerini, günebakar tohumlaryny, snekleri, gaplanan önümleri satyn almaga gyzyklanmasy bar. Şeýle hem, Ulýanowsk oblastynyň çäklerinde yslam maliýe ýörelgelerine esaslanan hyzmatdaşlara pul serişdelerini bölüp bermek hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy barada "Aýlan" maliýe öýi bilen ylalaşyk berkidildi" diýlip, habarda bellenilýär.