Daşoguz welaýatynda azyndan 560 tonna künji hasylyny almak meýilleşdirilýär

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynda 140 tonna hasyl öndürilmegine garaşylýar. Akdepe etrabynyň daýhanlary her gektardan ortaça 10 sentner hasyl alyp, jemi 135 tonna künji öndürmegi maksat edinýärler.

Hünärmenleriň pikiriçe, bu ekin ýerli we howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge gowy uýgunlaşdyryldy. Bu ýerde soňky döwürde künji köp mukdarda ösdürilip başlandy. Ekiniň ösüş döwründe zerur bolan güneşli, yssy howa ýeterlik bolup, ol beýleki oba hojalyk ekinlerine garanyňda has az suwy talap edýär. Künjä berilýän dökünler we suw özüniň gowy netijesini görkezýär hem-de ýokary hasyl berýär.

Bu ekiniň ýetişýän möwsüminiň gysga bolmagy, sebitde künjiniň köpçülikleýin öndürilmegine mümkinçilik berýär. Sebitde ösdürilip ýetişdirilýän ekin görnüşleri ýokary hasyllylygy we däneleriniň ýagynyň ýokary bolmagy bilen meşhurdyr diýlip, habarda bellenilýär.