«Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň hünärmenleri «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 28-nji ýanwary 3-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.

Bu okuw «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen BV klassifikasion jemgyýetiniň arasynda baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde geçirildi.

Okuwyň dowamynda BV klassifikasion jemgyýetiniň bilermenleri tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gämileriň howpsuz ýüzüşini üpjün etmegi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagy üpjün etmegiň esasy talaplary boýunça sapaklar berildi.

Geçirilen okuwyň netijesinde hünärmenlere «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça şahadatnamalar gowşuryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi