Aprelde Tejen ― Mary aralygyndaky awtoban ulanylyşa berler

Aprel aýynda Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli zwtomobil ýolunyň Tejen ― Mary bölegi açylyp, ulanylmaga berler. Bu barada Hökümetiň 29-njy martda geçirilen mejlsiinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasyna gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak göz öňünde tutulýar.

Esasy çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi