«Shelby» «Ford F-150»-ni hödürledi

«Shelby American» kompaniýasy «Ford F-150» kysymly ozalkylardan juda güýçli pikapyny hödürledi. «Auto.ru»-nyň ýazmagyna görä, ulag 5 litrlik V8 hereketlendirijisine eýe. «Shelby» ulagyň güýjüni asyl nusgasy bilen deňeşdireniňde iki esse köpelder.

«F-150» sport we agressiw dizaýnda hödürleniler. Dünýäde şeýle ulaglaryň diňe 800 sanysy bolar. Olaryň bahalary bolsa 130 müň dollardan hem geçýär.

«Ford F-150»-däki «Lariat V8» bazasynyň güýji 400 at güýjüne deňdir. Ýöne «Shelby» özüni 785 at güýjüne çenli ýokarlandyryp biler.

«Shelby F-150»-ni daşyndan seredeniňde howa kanally kopoty, agressiw bamperleri, tekerleriniň uly aýmançalary, göwresindäki uzyn zolaklar arkaly adaty «Fordlardan» tapawutlandyryp bolýar.