«Mersedes-Benz» ýangyç bilen işleýän hereketlendirijilere maýa goýmagy dowam etdirýär

Elektrikli ulaglara doly geçiş ugrundaky global tendensiýadan tapawutlylykda «Mersedes-Benz» nemes awtoulag öndürijisi  ýangyç bilen işleýän hereketlendirijilere (ICE) maýa goýumlarynyň köpelendigini habar berýär.

Konserniň baş müdiri Ola Kallenius bu kararyň has talapkär daşky gurşaw standartlary sebäplidigini düşündirdi. Eger ýagdaý gpowulaşmasa, ýangyç hereketlendiriji ulaglar 2027 ― 2028-nji ýyllar aralygynda bäsdeşligini doly ýitirer, munuň üçin kompaniýa jerime tölemeli hem bolar.

«Mersedes-Benziň» strategiýasy, ýangyç bilen işleýän hereketlendirijileri döwrebaplaşdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa we täsirli görnüşe getirmäge gönükdirilendir. Geljekki modelleriň hemmesi ýumşak we plugin gibrid ulgamlar bilen enjamlaşdyrylar.

2040-njy ýyla çenli uglerod taýdan bitarap kompaniýa bolmak maksady üýtgewsiz galsa-da, bu ýerde umumy elektrikleşdirmek meýilnamalary yza süýşürilýär. 2030-njy ýyla çenli gibridleriň we elektrikli ulaglarynyň model aralygyndaky paýy 50 göterime deň bolar.

Ýöne ýangyç bilen işleýän hereketlendirijiler «Mersedes-Benziň» strategiýasynda möhüm orun tutmagyny dowam etdirer.