Türkmen telekeçileri üçin 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwri başlandy 

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji iyulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler.

Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.