«Maserati» hiç bir meňzeşi bolmadyk üsti açylýan «GranCabrio Folgore Tignanello» ulagyny hödürledi

«Maserati» kompaniýasy başga nusgasy bolmadyk «Cabrio GranCabrio Folgore Tignanello» ulagyny hödürledi. Bu ulag Kaliforniýada geçiriljek Napa Valley festiwalynyň çäklerinde 14-nji iýul güni bäsleşikli söwda arkaly satylar. «Kolesa.ru» saýty bu satyşdan geljek girdejiniň haýyr-sahawat bagyşlanjakdygyny ýazdy.

«GranCabrio Folgore Tignanello» meşhur italiýan çakyrlarynyň ylham beriji Terradi Tignanello reňkine çalymdaşdyr. Göze ýakymly daşky görnüş beýleki aýratynlar bilen has özüne çekýär.

Ulagda kabrioletiň esasy aýratynlyklary ozalkysy ýaly galdyryldy. Umumy güýji 761 at güýjüne deň bolan ulagda üç motorlydyr. Ol sagatda 100 kilometr tizlige bary-ýogy 2,8 sekuntda çykyp bilýär. Sagatda 200 kilometr tizlik üçin bolsa 9,1 sekunt sarp edýär. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 290 kilometrdir.