«Xpeng» ” ýolagçy pilotsyz uçary bilen mikroawtobus öndürmäge taýynlanýar

«Awtoulag.ru»-nyň berýän habaryna görä, Hytaýyň elektrikli awtoulaglary öndürýän belli kompaniýalarynyň biri bolan «Xpeng» adaty bolmadyk ulagy ― «Land Carrier»-i kepilnama işlerini tamamlamaga golaýlaýar.

Bu üýtgeşik taslamada ýolagçy dronlary bilen birleşdirilen mikroawtobusdan yabaratdyr.

«AutoHome» getirýän maglumatlaryna görä, «Land Carrier»-iň ilkinji nusgasy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Guançžou awtoulag sergisinde görkeziler. Şol görkezilişde ulag üçin ilkinji sargytlar kabul ediler.

Guançžou häkimiýetleriniň «Xpeng» taslamasyna doly goldaw berýändiklerini bellemelidiris. Bu metropolda «Land Carrier» ulaglaryny öndürmek üçin ýokary tehnologiýaly zawod gurlar.

Mundan başga-da, bu şäherde geljekde «Xpeng»-iň özi ýöreýän ulaglarynyň önümçiligini ösdürmäge bagyşlanan merkez dörediler.