Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan pajygaly ýagdaýa gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatyndaky dini ýygnanyşykda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren pajygaly basa-baslyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.