Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» işewürler dialogynyň ikinji duşuşygyna gatnaşdy

4-nji iýulda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda Ýaponiýanyň ROTOBO assosiasiýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» işewürler dialogynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dialogyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýadaky ilçileri, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen döredilen ykdysady toparlaryň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler barada belledi.

Mundan başga-da, ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň Döwlet baştutanlarynyň birinji sammitiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge berk itergi berjekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» işewürler dialogynyň ikinji duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.