MFTI wodorod bilen işleýän geljegiň ýerüsti ulagyny hödürledi

«Techcult.ru»-nyň habaryna görä, Ýekaterinburgda geçirilen «Innoprom ― 2024» forumynda Moskwanyň Fizika we tehnologiýa instituty (MFTI) wodorodda işleýän «Rusak K-10» awtoulagyny hödürledi.

Demirgazygyň agyr şertlerinde işlemek üçin döredilen bu bäş okly ägirt 120 kWt wodorod ýangyç öýjügi bilen enjamlaşdyrylandyr. 350 bar basyşda umumy kuwwaty 1200 litr bolan alty silindrde saklanýan wodorod üpjünçiligi, kuwwaty 120 kWt bolan litiý-ion batareýalaryny herekete getirýär.

«Rusak K-10» bu ulgamyň kömegi bilen sagatda 60 km tizlige ýetmäge ukyply. Oňa 8 adam we 2,5 tonna ýük ýerleşip bilýär. Gyş şertlerinde ýangyç guýman süreniňizde hem ulag 500 km aralygy geçip biler.