Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana eksportyny 54 göterim artdyrdy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 170 million amerikan dollaryna golaý ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 614,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 169,7 million amerikan dollary möçberinde köpdür. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda altynjy ýerden orun aldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 54,6 göterim artyp, 553,7 million amerikan dollaryna barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, geçen ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji 358,2 million amerikan dollaryna deň bolupdy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda altynjy orny eýeledi.

Birinji ýarym ýyllykda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 60,5 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,8 million amerikan dollary möçberinde azdyr. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 17-nji basgançakdan ýer aldy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 31 milliard 828 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 12 milliard 992 milliony eksportyň, 18 milliard 835 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.