Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň dostlukly halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsüriň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.