«Kia Tasman» kysymly awtoulagyň tanyşdyrylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

2025-nji ýylda öndürilmegi meýilleşdirilýän «Kia Tasman» eýýäm bütin dünýäde awtoulag höwesjeňleriniň aňyny tolgundyrýar. Geçen ýyl hasaba alnan «Tasman» söwda brendi ahyrsoňy emele geldi ― bu diňe bir Awstraliýanyň meýdanlaryny däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň bazarlaryny hem basyp almak üçin niýetlenen awtoulag bolar.

Dykyz kamuflaj bilen örtülen «Tasmanyň» ilkinji gizlin suratlary täze önüme bolan gyzyklanmany artdyrdy. Aprel aýynda «Kia» diňe adaty filmiň aňyrsynda gizlenen ýük ulagynyň resmi suratlary bilen muşdaklary begendirdi.

Indi «Tasman» «R&D Test Story» taslamasynyň bir bölegi hökmünde «Kia» hakda aýdýan tomusky ýol synaglaryndan geçýär. Ilkinji wideo ýakynda çap edildi, bu ýerde bir ýük ulagynyň kamuflaj edilen nusgasy Kaliforniýadaky Alabama Hills dag gerşiniň ajaýyp landşaftlarynyň fonunda öz mümkinçiliklerini görkezýär diýip, «Kolesa.ru» ýazýar.