Awtoulag eýelerini has kanagatlandyrýan awtoulaglar belli edildi

J.D. Power kompaniýasy awtoulag eýeleriniň kanagatlanma derejesini bahalandyrýan ýyllyk APEAL barlagyny geçirdi. Bu ýyl Rivian, Porsche we MINI iň ýokary bahalary aldylar, elektromobiller bolsa satyn alyjylar tarapyndan rekord derejedäki makullamany gazandylar diýip, auto.ru habar berýär.

Premium segmentinde Porsche (891 bal), Jaguar (886) we Land Rover (882) öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Bäsleşikden daşary gatnaşan Rivian 900 bal topladyb. Bu kategoriýada ortaça görkeziji 870 bal boldy.

Köpçülikleýin brendleriň arasynda MINI 858 bal bilen birinji orny eýeledi, onuň yzyndan Ram (854) we Kia (853) gelýär. Bu segmentde ortaça bal 838 bolup, adatça premiumdan pes.

Umumy kanagatlanma derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2 bala ýokarlandy we 848 bala ýetdi. Analitikler muny öndürijileriň müşderileriň isleglerine has üns bermegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Elektromobiller 877 bal bilen rekord derejede ýokary kanagatlanma görkezdi. Model hasabynda BMW 7-nji seriýasynyň sedany iň gowusy boldy, aýratyn kategoriýalarda bolsa iň köp baýragy Hyundai-Kia, BMW we Toyota aldylar.

Emma barlag problemaly ugurlary hem ýüze çykardy: çylşyrymly interfeýsler we pes hilli ses sebäpli media ulgamlary ulanyjylarda iň köp nägilelik döredýär.