Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň desgalaryna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtoulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär hem-de kämilleşdirilýär, jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanýar.
Dowamyny oka20-nji sentýabrda ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Dowamyny oka20-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş ösüşiň aýdyň ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň okgunly ösmeginiň baş şerti bolup durýar. Bu ugur şu gezekki gözden geçirilişiň hem häsiýetli tarapy bolup, onuň işine ykdysadyýetiň döwlete dahylly böleginiň düzümleriniň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.
Dowamyny okaBMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Prezidentler derejesindäki bu birinji duşuşyk meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy.
Dowamyny okaAmerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.
Dowamyny oka2023-nji ýylyň 17 — 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Inçon halkara howa menzilinde D.Gulmanowa “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dowamyny okaÝurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy. Wise-premýer saparyň jemleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Dowamyny okaBirleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar.
Dowamyny okaBirleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz 18-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de olary mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Dowamyny okaBirleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.
Dowamyny oka